Bangladeşde SARS-CoV-2-niň iň ýokanç ştamyna garşy sanjym taýýarlandy

  • 01.10.2020 23:19
  • 8.4k+

Bangladeşden Globe Biotech kompaniýasy täze görnüşli koronawirusyň iň ýokanç ştamyna garşy sanjymy taýýarlady, synaglaryň deslapky netijeleri 1-nji oktýabrda bioRxiv saýtynda neşir edildi. Bu barada rossaprimavera.ru habar berýär.
Barlag geçirijileriň bellemegine görä, SARS-CoV-2-niň bu ştamynyň genomynda wirusyň ýokançlygyny ýokarlandyryp biljek D614G mutasiýasy bar. Alymlar koronawirus ýokanjynyň ikinji tolkuny wagtynda lukmançylyk edaralaryna kabul edilen syrkawlaryň ählisinde diýen ýaly şeýle ştamyň bardygyny belleýärler.

“Bu wirusyň şeýle görnüşlerine garşy göreşmek üçin uýgunlaşdyrylan sanjymlary çalt döretmegiň zerurdygyny görkezýär we biziň sanjymymyzyň kliniki synaglaryny tizleşdirmäge itergi berýär” – diýlip, barlag işinde aýdylýar.

Globe Biotech kompaniýasynyň sanjymynyň RNK sanjymlaryna degişlidigi bellenilýär. Alymlar olary ýokaşan öýjüklere beýleki wiruslaryň ýa-da dürli nanobölejikleriň kömegi bilen eltýärler. 
Haçan-da olar adam öýjüklerine girenlerinde, bu bölejikler ýa-da wiruslar olary köp sanly tiken görnüşli beloklary we koronawirusyň beýleki böleklerini öndürmäge mejbur edýärler. Olar immun ulgamynyň ünsüni çekip, SARS-CoV-2-ä garşy antibedenjikleriň döremegine sebäp bolýarlar. Barlagçylar eýýäm serişdäniň ilkinji synaglaryny barlaghana syçanlarynda geçirdiler. Syçanlar sanjymdan soň, koronawirusa garşy antibedenjikleri ýüze çykarmagy başardylar. Indi alymlar serişdäni beýleki haýwanlarda we ilkinji meýletinçilerde barlamagy meýilleşdirýärler.
COVID-19-yň ilkinji günlerinden başlap, alymlar koronawirus SARS-CoV-2-iň täze görnüşiniň haýsy tarapa we nähili üýtgeýändigine düşünmäge çalyşýarlar. Häzirki gün onuň dümewi dörediji bilen deň derejede mutasiýa ýygnaýandygy mälimdir. Ýöne şeýle mutasiýalaryň döremeginiň nämä getirjekdigi barada heniz genetikleriň arasynda jedel dowam edýär.

 

26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......