BMG-niň Baş sekretary dünýäni "tebigata garşy söweşi" bes etmäge çagyrdy

  • 01.10.2020 08:03
  • 12k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş adamzady daşky gurşaw bilen gatnaşyklary dikeltmek arkaly "tebigat bilen söweşi" bes etmäge çagyrdy. Bu barada Sputnik gullugy habar berýär.

"Adamzat tebigat bilen söweş alyp barýar. Biz tebigat bilen gatnaşyklarymyzy täzeden gurmaly" -diýip, Guterriş Biodürlülik boýunça geçirilen sammitde aýtdy. Onuň pikiriçe, dünýädäki suwasty merjen gaýalarynyň 60%-den gowragyna balyk tutmak, weýran ediji işler we howanyň üýtgemegi zerarly ýitmek howpy abanýar.

Artykmaç sarp etmek, ilatyň köpelmegi we intensiw oba hojalygy sebäpli ýabany tebigatyň populýasiýasy düýpgöter azalýar. Guterriş, takmynan 1 million görnüşiň howp astyndadygyny aýtdy.

"Biziň hemmämiz gowşak ulgamyň bir bölegi we geljekki nesilleriň gülläp ösmegi üçin bu ulgamyň sagdyn bolmagy zerur" -diýip, Baş sekretar belledi.

Guterriş biodürlüligi gorap saklamak üçin birnäçe çäreleri teklip etdi. Hususan-da, onuň pikiriçe, "daşky gurşaw çözgütleri koronawirus pandemiýasyndan dikeldiş meýilnamalaryna we has uly ösüş meýilnamalaryna goşulmalydyr".

Spikeriň pikiriçe, ykdysady ulgamlar we maliýe bazarlary jogapkärçilik çekmeli we tebigata maýa goýmaly.

düýn 07:41
8.8k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......