Pandemiýa zerarly Belarusda galan ildeşlerimiz ýörite uçuş bilen ýurdumyza getirildi

  • 28.09.2020 23:07
  • 12k+

“Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçary şu gün agşam Minskden Türkmenabat halkara howa menziline gondy diýip, Turkmenportal habar berdi.

Belarusyň T5784 ýörite gatnawy koronawirus pandemiýasy sebäpli uçuşlar togtadylandan soň bu ýurtda galmaga mejbur bolan türkmenistanlylaryň 100-den gowragyny getirdi.
Türkmen raýatlarynyň “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary bilen öz watanyna tapgyrlaýyn getirilmegi döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen amala aşyrylýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahaty bilen, gelen ähli raýatlar hökmany iki hepdelik karantini geçerler.
Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň getirilmegini guramak boýunça işleri dowam etdirýär. Türkmenistanyň Hökümeti pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli ozal watanyna gaýdyp bilmedik raýatlaryny yzyna getirmek üçin Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan Türkmenabat halkara howa menziline çarter uçuşlaryny gurady. 120 ildeşimiz serhet geçelgesiniň üsti bilen Özbegistandan öz watanyna gaýdyp geldi.
Ýakyn geljekde ýörite uçuşlar Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan hem guralar.

09.06.2026 07:41
9.3k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......