Dünýä Liderleri Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 27.09.2020 18:05
  • 10k+

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtlaryň Liderlerinden Gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberen döwlet Baştutanlarynyň hem-de meşhur syýasatşynaslaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II, Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki mukaddesligiň hyzmatkäri Salman ben Abdel Aziz Al Saud, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bar.

Gutlaglarda Türkmenistanyň dostlukly halkyna iň oňat arzuwlar beýan edilýär.

düýn 20:05
1.9k+

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...

düýn 19:32
2.7k+

"Maňa edil şu wagt ölmek bolanok": "Alaň" filminiň jemleýji böleginiň tizeri çykaryldy

Warner Bros. studiýasy Deni Wilnýowyň režissýorlyk eden “Alaň: üçünji bölüm” filminiň tizer treýlerini çykardy. 2 minut 29 sekuntlyk treýleriň ilkinji görkezilişi Los-Anjelesdäki AMC kinoteatrynda geçirildi. Treýleriň görkezilişine Deni Wilnýow, Zendeýa, Hawýer Bardem we taslama goşulan täze aktýorlar Anýa Teýlor-Joý bilen Robert Pattinson dagy gatnaşdy...

düýn 16:49
4.8k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

düýn 16:48
5.8k+

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy. 60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi...