Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

  • 27.09.2020 17:15
  • 5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady.

«Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen uludan toýlap, möhüm wakalar bilen şöhratlandyrýarys» - diýlip Gutlagda bellenilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, tebigy baýlyklarymyzy milli we umumadamzat bähbitlerine gönükdirýäris. Halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan uzak möhletleýin maksatnamalarymyzy hem-de toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys.

«Hemmetaraplaýyn ösen döwleti gurmaga gönükdirip alyp barýan syýasatymyz, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmelerimiz Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýar. Berkarar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrýar» diýip türkmen Lideri nygtaýar we halkymyza berk jan saglygyny, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

düýn 20:05
1.9k+

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...

düýn 19:32
2.7k+

"Maňa edil şu wagt ölmek bolanok": "Alaň" filminiň jemleýji böleginiň tizeri çykaryldy

Warner Bros. studiýasy Deni Wilnýowyň režissýorlyk eden “Alaň: üçünji bölüm” filminiň tizer treýlerini çykardy. 2 minut 29 sekuntlyk treýleriň ilkinji görkezilişi Los-Anjelesdäki AMC kinoteatrynda geçirildi. Treýleriň görkezilişine Deni Wilnýow, Zendeýa, Hawýer Bardem we taslama goşulan täze aktýorlar Anýa Teýlor-Joý bilen Robert Pattinson dagy gatnaşdy...

düýn 16:49
4.8k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

düýn 16:48
5.8k+

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy. 60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi...