Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň dabaraly harby ýörişi geçirildi

  • 27.09.2020 17:03
  • 10k+

Şu gün Aşgabadyň Merkezi meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi.

Dabaraly harby ýöriş Goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabaty bilen başlandy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyndan dabaraly harby ýörişe başlamak baradaky buýrugy alandan soň, Goranmak ministri harby ýörişi harby dabara laýyklykda kabul etdi.
Ýaragly Güýçleriň şahsy düzümi bilen salamlaşandan soň, Merkezi meýdançanyň öňündäki baýdak meýdançasynda döwlet senasy astynda döwlet baýdagy belende göterildi. Meýdançada hatara duran türkmen esgerleri, serkerdeler we harby talyplar halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepadarlyk kasamyny aýtdylar.
Dabaraly harby ýörişi döwlet baýdagyny we Ýaragly Güýçleriň ähli goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny göterýän baýdak göterijiler topary açdy. Motoatyjy, desant, inženerçilik we beýleki bölünmeleriň gullukçylary, ýeňil sowutlanan ýokary geçijilik ukyply awtomobil tehnikalary "Oguzhan" köşkler toplumynyň ýanyndaky baş münberiň öňünden geçdiler. Milli goşunymyza degişli harby dikuçarlar we uçarlar paýtagtyň Merkezi meýdançasynyň üstünden uçup geçdiler.
Dabaraly harby ýöriş milli telewideniýe arkaly giňden alnyp görkezildi.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
513

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......