Helsinkiniň howa menzilinde COVID-19-y itleriň kömegi bilen barlap başladylar

  • 27.09.2020 17:07
  • 12k+

Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkiniň howa menzilinde itleriň ýörite topary işe başlady, olar ýolagçylarda koronawirus ýokançlygyny ysy boýunça ýüze çykararlar. Bu barada howa menzilinde işleýän kompaniýanyň berýän maglumatyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

"COVID-19 itleri Helsinki howa menziliniň 2 geliş zalynda işe başlady. Itler synaga gatnaşýanlara berlen synag süpürgiçleriniň kömegi bilen, koronawirusy anyklamak üçin türgenleşdirildi. Synaga gatnaşmaklyk meýletindir we esasan, daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylara niýetlenendir" - diýlip, habarda aýdylýar.

Barlagda ýolagçydan tenini süpürgiç bilen süpürmek soralýar. Soň süpürgiç ite äkidilýän ýörite gaba atylýar. Prosedura tutuşlygyna alanyňda hem bir minutdan köp dowam etmeýär.
Synag wagtynda şahsy maglumatlar ýygnalmaýar. Netije položitel bolup çyksa, goşmaça görkezmeler üçin adam maglumat-lukmançylyk merkezine ugradylýar. Itleri ulanmak boýunça synag dört aý dowam eder.
Mundan öň Finlýandiýanyň howa menzilinde ýolagçylarda koronawirusy peşewi arkaly anyklamak boýunça itler bilen şuňa meňzeş synaglar geçirilipdi. Şeýle hem awgust aýynda şuňa meňzeş synagyň Dubaýyň howa menzilinde geçirilendigi habar berildi.

düýn 23:48
568

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

düýn 15:57
4.5k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.4k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.5k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....