Sambo boýunça dünýä çempionaty Aşgabatdan Serbiýa geçirildi

  • 25.09.2020 20:26
  • 12k+

Sambo boýunça 2020-nji ýyldaky dünýä çempionaty Serbiýanyň Nowi-Sad şäherinde geçer. Degişli karar Halkara Sambo federasiýasy tarapyndan kabul edildi. Bu turnir dört gün – 5-nji noýabrdan 8-nji noýabr aralygynda dowam eder. Bu barada Halkara Sambo federasiýasy habar berýär.

Ilkibaşda 2020-nji ýylda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatyny Aşgabatda (Türkmenistan) geçirmeklik meýilleşdirilýärdi, ýöne dünýädäki COVID-19 pandemiýasy sebäpli Türkmenistanyň milli sambo federasiýasy bu ýaryşy şu ýyl geçirmekden ýüz öwürmäge mejbur boldy.

“FIAS hemişe halkara arenasynda sambo ýaryşlarynyň mümkin boldugyndan köp geçirilmegini goldaýardy, ýöne pandemiýa biziň meýilnamamyza düzediş girizdi. Men Serbiýanyň Sambo federasiýasyna başlangyjy, FIAS senenamasyndaky iki sany iň uly turniri gurnamaga gatnaşmak islegi we taýýarlygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Serbiýanyň Sambo federasiýasynyň ýaryşlary halkara derejesinde geçirmekde baý tejribesi bar, şonuň üçin men bu çäräniň üstünlikli geçjekdigine ynanýaryn” – diýip, FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow belledi.

Ol ýaryşlaryň “COVID-19 pandemiýasyndan soň howpsuzlygy we öňüni almagy üpjün etmek boýunça FIAS-yň maslahatlaryna” laýyklykda, ýagny türgenleriň şäherde hereketlerine girizilen çäklendirmeleri, şeýle-de meýdançada ähli howpsuzlyk çärelerini we sosial araçägi berjaý etmek bilen geçjekdigini aýtdy.
Tomaşaçylar FIAS-yň saýtyndaky onlaýn-görkeziliş arkaly ýaryşlary göni ýaýlymda görüp bilerler. Dünýä çempionatynyň final ýaryşlary “Eurosport” teleýaýlymynda we dünýäniň dürli ýurtlarynyň teleýaýlymlarynda görkeziler.

 

düýn 18:20
2.7k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.1k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.8k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......