ABŞ Türkmenistanyň Döwlet sirkine ýörite enjamlary gowşurdy

  • 23.09.2020 15:02
  • 10k+

ABŞ-nyň Hökümetiniň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň wekillerine ýörite enjamlar gowşuryldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasynyň «Meridian» halkara merkezi bilen bilelikde Medeniýet ministrliginde onlaýn görnüşde geçirilen çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyldy.

ABŞ-nyň ýurdumyzdaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Waleri Çittenden wideoaragatnaşyk ulgamy boýunça çykyş edip, çäräniň dostlukly döwletara gatnaşyklaryň nyşany bolup durýandygyny, olary üstünlikli ösdürmek üçin iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ähli amatly şertleri döredýändigini belledi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň sirk toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy, bu bolsa toplanan tejribäni alyşmak, ussatlygy kämilleşdirmek, sirk sungatynyň dürli žanrlarynyň wekilleriniň, şol sanda howa gimnastlarynyň hünär derejesini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Olar üçin gelip gowşan enjamlaryň içinde howa akrobatikasy üçin zerur abzallar hem bar.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
513

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......