UFC-niň söweşijisi Çimaýew Nurmagomedow bilen deňeşdirilmegine teswir berdi

  • 21.09.2020 19:55
  • 21k+

Garyşyk stiliň (MMA) şwesiýaly söweşijisi Hamzat Çimaýew özüniň ýeňil agramda UFC-niň rus çempiony Habib Nurmagomedow bilen deňeşdirilmegine otrisatel garady. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Ýakynda çeçen gelip çykyşly şwed türgeni 17 sekuntyň içinde Las-Wegasda UFC-niň nobatdaky turnirinde amerikaly Jerald Merşerti nokauta gidirdi. Bu UFC-niň orta diwizionynyň taryhynda üçünji netije. Hamzat güýçli promouşende haýran galdyryjy ýagdaýda ýeňmegi dowam etdirýär. UFC-de çykyş edip başlanyndan soň, ol 66 günüň içinde möhletinden öň üç söweşde ýeňiş gazandy, bu bolsa liganyň rekordy boldy. Bu söweşleriň ählisinde şwesiýaly söweşiji 196 gezek takyk urgy urup, bary-ýogy ikisini geçirtdi. Çimaýew oktagonda arassa on minutdan az wagty geçirmek bilen, dünýäde gürrüňi edilýän söweşijileriň hataryna girmegi başardy.

“Men özümi aýak üstünde görkezmek isledim. Hemmeler meni Nurmagomedow bilen deňeşdirdiler, meniň ikinji Habibdigimi aýtdylar. Ýöne, ýok, beýle däl, men Hamzat. Men adamlary nokauta gidirip, olary bogup we masgaralap bilýärin. Mende hemme zat bar” – diýip, Çimaýew şoudan soň metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Häzirki wagtda 26 ýaşly orta agramdaky söweşijiniň karýerasyndaky dokuz söweşiniň ählisinde hem ýeňşi bar.

şu gün 14:15
2.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 22:55
3.8k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
4k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......