«Türkmenpoçta» ilata ýurdumyzyň çägi boýunça çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýär

  • 21.09.2020 15:15
  • 12k+

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy raýatlary bütin ýurt boýunça elýeterli bolan çaparçylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar. Çaparçylyk hyzmatlarynda Türkmenistanyň islendik nokadynda «gapydan-gapa» eltip bermek kepillendirilýär.

Çapary 92-14-95 telefon belgisi, «ÇAPAR» mobil programmasy, şeýle hem haýyşnama blankasyny doldurmak bilen, kompaniýanyň web sahypasy arkaly çagyryp bilersiňiz. Çagyrylan çapar bukjany ýa-da haty kabul edip, blankalary we gaplamalary doldurmaga ýardam eder, şeýle hem çek we trek-belgisini berer.
Çaparçylyk hyzmatlarynyň nyrhlary:

  • 2 kilograma çenli haty ýa-da ibermäni (posylka) welaýatyň çäginde salga eltip bermek: adaty usulda – 30.0 manat.
  • 2 kg çenli ýurduň içinde, welaýatyň çäginden daşary salga eltip bermek: adaty usulda – 40.0 manat.

Nyrhlar barada has giňişleýin maglumatlar bilen turkmenpost.gov.tm sahypasyna girip ýa-da çaparçylyk hyzmatynyň 92-14-95 belgisine jaň edip tanyşyp bilersiňiz.
Poçta bölümleriniň telefon belgilerini kompaniýanyň web sahypasynda üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde tapyp bilersiňiz. Mundan başga-da, web sahypasynda ýurtdaky ähli poçta bölümleriniň salgylaryny we iş wagtyny bilip bilersiňiz. Şeýle hem bu ýerde poçta ibermek, EMS poçta ibermek, gazet-žurnallara abuna ýazylmak we satyn almak, çapar çagyrmak ýaly hyzmatlar ilata hödürlenilýär.

düýn 20:05
1.7k+

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...

düýn 19:32
2.4k+

"Maňa edil şu wagt ölmek bolanok": "Alaň" filminiň jemleýji böleginiň tizeri çykaryldy

Warner Bros. studiýasy Deni Wilnýowyň režissýorlyk eden “Alaň: üçünji bölüm” filminiň tizer treýlerini çykardy. 2 minut 29 sekuntlyk treýleriň ilkinji görkezilişi Los-Anjelesdäki AMC kinoteatrynda geçirildi. Treýleriň görkezilişine Deni Wilnýow, Zendeýa, Hawýer Bardem we taslama goşulan täze aktýorlar Anýa Teýlor-Joý bilen Robert Pattinson dagy gatnaşdy...

düýn 16:49
4.5k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

düýn 16:48
5.4k+

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy. 60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi...