Maýkl Jordan baradaky dokumental serial "Emmi" baýragyna mynasyp boldy

  • 21.09.2020 15:01
  • 4.1k+

"Iň soňky tans" serialy 2020-nji ýylda iň oňat dokumental film ugry boýunça Emmi gazandy. Bu barada Twitterde Television Academy habar berdi.

On bölümden ybarat ESPN filmi “Çikago Bulls” basketbol klubyna we alty gezek liganyň çempiony, NBA-nyň rowaýaty oýunçysy Maýkl Jordana bagyşlanýar. Bu serial "öküzleriň" öňki oýunçylary Dennis Rodman, Horas Grant, Skotti Pippen, Stiw Kerr, baş tälimçi Fil Jekson, beýleki klublaryň ýyldyz oýunçylary Çarlz Barkli, Patrik Ewing, Mejik Jonson, Kobi Braýant we başgalar bilen geçirilen söhbetdeşlikleri öz içine alýar.
"Iň soňky tans" serialy "Çikago Bullsyň" Maýkl Jordan döwründe NBA-nyň soňky gezek ýeňiji bolan möwsümi barada gürrüň berýär. Şondan bäri illinoýsly topar ýeke gezek hem çempion bolup bilmedi.

düýn 20:05
1.7k+

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...

düýn 19:32
2.4k+

"Maňa edil şu wagt ölmek bolanok": "Alaň" filminiň jemleýji böleginiň tizeri çykaryldy

Warner Bros. studiýasy Deni Wilnýowyň režissýorlyk eden “Alaň: üçünji bölüm” filminiň tizer treýlerini çykardy. 2 minut 29 sekuntlyk treýleriň ilkinji görkezilişi Los-Anjelesdäki AMC kinoteatrynda geçirildi. Treýleriň görkezilişine Deni Wilnýow, Zendeýa, Hawýer Bardem we taslama goşulan täze aktýorlar Anýa Teýlor-Joý bilen Robert Pattinson dagy gatnaşdy...

düýn 16:49
4.5k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

düýn 16:48
5.4k+

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy. 60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi...