Türkmenistanyň halkara nebitgaz forumy ilkinji gezek onlaýn ýagdaýda geçiriler

  • 20.09.2020 16:18
  • 4.3k+

Bu ýyl «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2020» (OGT-2020) XXV halkara forumy 28-29-njy oktýabr aralygynda geçiriler. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek forum onlaýn ýagdaýda geçiriler hem-de Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurdunda alnyp görkeziler. Bu barada "Türkmen Forum" hojalyk jemgyýetiniň işgärlerine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň türkmen ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylygyndaky duşuşyklary hem onlaýn formatda guralar.
Çykyşlaryň esasy temalary global we milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ýollary, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlary, Türkmenistanyň nebit we gazhimiýa pudaklarynyň geljegi hem-de beýleki möhüm meseleler barada bolar.
Şeýle hem tejribe alyşmak we foruma gatnaşyjylara Türkmenistanda iň möhüm nebitgaz taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat bermek maksady bilen, tanyşdyryşlar we panel çekişmeleri meýilleşdirilýär.
Eýýäm häzirden dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bu halkara foruma gatnaşjakdyklaryny habar berdiler.

08.06.2026 19:01
4.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...