ACA Ýagşymyradow — Magomedow duşuşygyny geçirmegiň üstünde işleýär

  • 18.09.2020 16:42
  • 39k+

Garyşyk söweş sungatynyň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow indiki söweşde russiýaly Muslim Magomedow bilen duşuşyp biler. Bu barada ACA-nyň prezidenti Alekseý Ýatsenko ACA 111 ýaryşynyň öň ýanyndaky metbugat ýygnagynda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Muslim Magomedow bilen häzirki çempion Döwletjan Ýagşymyradowyň arasyndaky söweşiň üstünde işlenilýär.
Ýatsenkonyň bellemegine görä, Muslim häzirki çempion bilen söweşenden soň, titul üçin Alekseý Butorin bilen Asylžan Bakytžanulynyň arasyndaky söweşiň ýeňijisi dalaş eder.
Bakytžanuly bilen Butoriniň (ýarym agyr agram derejesinde ikinji we üçünji orun) arasyndaky söweş 19-njy sentýabrda Moskwada geçiriler.
Häzirki wagtda Muslim Magomedow ACA-nyň ýarym agram derejesinde çempionlyk guşagyna dalaş edýär. Soňky söweşini ol 2020-nji ýylyň 14-nji martynda geçirdi. Şonda Magomedow Karlos Eduardony nokaut bilen ýeňipdi we garşydaşyna lukmanyň ýanyna ýetmäge kömek edipdi.

- Men öz garşydaşyňa hormat goýmaly diýip hasap edýärin. Söweşe çykmak üçin ruh we gaýduwsyzlyk gerek, söweşe taýýarlananda her bir söweşijiniň başyndan geçirýänleri gaty kyn we men muňa belet - diýip, Muslim belleýär.

Döwletjan hem ACA-nyň çempionlyk titulyny ilkinji gezek goranok. 2019-njy ýylyň 15-nji dekabrynda onuň garşysyna russiýaly Alekseý Butorin çykdy. Sankt-Peterburgda geçen şol söweş 5 raunda çenli doly dowam etdi. Netijede, Ýagşymyradow bäsdeşinden has güýçli geldi.

şu gün 13:40
1.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 18:18
3.6k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

düýn 13:39
9.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......