Türk kompaniýasy ilkinji uçýan awtomobilini görkezdi

  • 18.09.2020 08:48
  • 20k+

Uçýan sürüjisiz awtomobilleri öndürmek bilen meşgullanýan Baykar türk kompaniýasy özüniň Gezeri diýlip atlandyrylýan ilkinji uçýan awtomobiliniň prototipini hödürledi. Bir minutlyk wideorolik kompaniýanyň metbugat-gullugy tarapyndan internet torlarynda ýerleşdirildi. Bu barada tarantas.news habar berýär.

BAYKAR kompaniýasynyň habarynda şeýle bellenilýär: “Geljekdäki ýaryşlara taýýar bolmak üçin öndüren GEZERI uçýan awtomobilimiz özüniň birinji uçuşyny amala aşyrdy”.
Uçuşyň dowamynda 230 kilogramlyk prototip ýerden 10 metr ýokary galmagy başardy. Synag işleri hem howpsuzlyk tanaplary bilen, hem olarsyz, şol sanda gije geçirildi.
Öndüriji geljekde howa ulagynyň 2 000 metr belentlikde uçup biljekdigini, tizligini 100 km/sag çenli artdyryp, 70-80 kilometr aralygy geçip biljekdigini aýdýar. Awtomobil 10-15 ýyldan ýollarda gonup biler diýlip meýilleşdirilýär. Doly derejeli elektrikli uçýan awtomobil sekiz sany elektrik hereketlendirijili we propellerli akkumulýator batareýlerinden iýmitlenýär
Gezeri uçýan awtomobili bir ýarym ýyl mundan öň taýýarlap başladylar, indi ol özüniň birinji uçuşyny amala aşyrmak bilen hakykata öwrüldi.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....