Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

  • 17.09.2020 10:43
  • 6.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Suga Ýosihideni Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady.

«Siziň ýolbaşçylygyňyzda Ýaponiýanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde täze sepgitlere ýetjekdigine, şeýle hem halkara giňişliginde öz at-abraýyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn» diýip, türkmen Lideri hatynda nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, soňky ýyllarda üstünlikli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýratyn nygtady.

«Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz has giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Suga Ýosihide berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly Ýaponiýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna bu ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

şu gün 13:41
1.8k+

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-iniň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaýy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...

şu gün 10:10
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1.5k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
6.6k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...