Koronawirus zerarly FIFA $14 mlrd ýitgi çekdi

  • 17.09.2020 08:36
  • 4.7k+

Koronawirus pandemiýasyndan futbol pudagyna ýeten ýitgiler we onuň netijeleri $14 mlrd bilen bahalandyrylýar diýip, Reuters agentligi Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) pandemiýanyň netijeleri bilen göreş boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Olli Rena salgylanmak bilen habar berýär. Muny vedomosti.ru ýetirýär.

FIFA-nyň dünýä klub futbolynyň umumy bahasyny $40 milliarddan $45 milliarda çenli aralykda bahalandyrýandygyny göz öňünde tutsaň, bu örän uly san.

“Futbol pandemiýadan uly zyýan çekdi. Köp professional klublar gaty çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular, meni ýaşlar akademiýalary we aşaky diwizionlaryň klublary hem alada goýýar. Biziň Aziýada we Afrikada futboly ösdürmek boýunça alyp baran işimiziň puja çykmagy hem ähtimal, şonuň üçin biz zarbany gowşatmak we amal edilen ösüşi gorap saklamak isleýäris" – diýip, Olli Ren aýtdy we $14 mlrd görkezijiniň futbolyň ýuwaş-ýuwaşdan adaty depginine gaýdyp gelýän häzirki ýagdaýyna esaslanýandygyny belledi.

Olli Ren çökgünligiň geografiki aýratynlygyny hem suratlandyrdy. Ol Günorta Amerikadaky klub futbolyna agyr zarba uruldy diýip belleýär. Bu sebitiň yzyndan Aziýa we Afrika gelýär.
Reniň aýtmagyna görä, häzirki günde FIFA pandemiýanyň netijeleri bilen göreşe $1,5 mlrd bölüp aýyrdy we 211 sany futbol assosiasiýalaryndan 150-si serişde sorady.

düýn 22:55
1k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
7.8k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
2.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....