Malaýziýadan PETRONAS kompaniýasynyň hünärmenleri we türkmen raýatlary getirildi

  • 16.09.2020 13:59
  • 13k+

Malaýziýanyň howa ýollarynyň Kuala-Lumpur — Türkmenabat ýörite uçary bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň hünärmenleri we türkmen raýatlary ýurdumyza getirildi.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, bu ýörite uçuşy guramaga «Türkmengaz» döwlet konserni, Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy hem-de Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýardam etdi. Bu ýörite uçuş Taýýar önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga laýyklykda, PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistanda nebit amallaryny amala aşyrýan hünärmenleriniň meýilleşdirilen dolanyşygyny üpjün etmek maksady bilen guraldy.
Şol uçar bilen Türkmenistanyň pandemiýa çäklendirmeleri bilen baglylykda serhetleriň ýapylmagy sebäpli Malaýziýada galan raýatlary hem getirildi.
Kuala-Lumpur — Türkmenabat ýörite uçuşyna münülende, sanitariýa we epidemiologik protokolyň termometriýa, PCR synagynyň netijesiniň bolmagy we ýolagçylaryň arasyndaky fiziki aralygy saklamak ýaly ähli talaplary ýerine ýetirildi.
BSGG-niň we Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparynyň tekliplerine laýyklykda, Malaýziýadan çarter uçuşynda gelen ýolagçylaryň ählisi hökmany iki hepdelik karantini geçerler.

20.06.2026 14:57
6.9k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....