Iş maslahatynda sebitleri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

  • 15.09.2020 16:31
  • 8.9k+

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, şonuň ýaly-da, köp sanly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, bu möwsümde ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň gerekli derejesini üpjün etmek boýunça görülýän çäreleriň, bu oba hojalyk möwsüminde alnyp barylýan işleriň depginini öz wagtynda artdyrmagyň zerurdygy barada aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, sebitlerde bina edilýän ähli desgalaryň, ilkinji nobatda, hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem maslahatyň barşynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar bilen çykyş etdi. Öňde boljak forumy guramaçylykly geçirmek, onuň maksatnamasyny we degişli resminamalary taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

şu gün 13:41
1.8k+

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-iniň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaýy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...

şu gün 10:10
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1.5k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
6.6k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...