Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça garaýyşlaryny beýan etdi

  • 13.09.2020 10:44
  • 14k+

Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermek arkaly ýardam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde habar berdiler.

12-nji sentýabrda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalarynyň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça gepleşikler başlandy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleriň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynda sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen parahatçylygy ilerletmek boýunça hereketleri goldaýandygyny belledi.
Türkmenistanyň hemişe ýüze çykýan meseleleriň diňe diplomatik we syýasy gurallar arkaly çözülmeginiň tarapdarydygy we gepleşiklere, şol sanda gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermek arkaly ýardam etmäge taýýardygy nygtaldy.
Şeýle hem dürli ugurlardaky, hususan-da energetika, ulag, aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Owganystanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň ähmiýeti babatynda bellenilip geçildi.

şu gün 13:41
1.8k+

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-iniň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaýy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...

şu gün 10:10
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1.5k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
6.6k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...