«Forsaž 9» filminiň gahrymanlary kosmosa çykar

  • 13.09.2020 12:43
  • 20k+

Amerikan režissýory Jastin Liniň meşhur filminiň gahrymanlary kosmiki syýahaty başdan geçirerler. Filmiň ssenariýeçileriniň aýtmagyna görä, «Forsaž 9» (“Çalt we gaharly”) filminiň käbir wakalary kosmosda bolup geçer. Bu barada vk-smi.ru habar berýär.

Filmiň sýužetiniň Ýeriň çäginden daşary çykyp biljekdigi baradaky gürrüňler heniz «Forsaž 7-niň» düşürilýän wagtlarynda peýda boldy. Ýöne indi kosmiki uçuş baradaky bu maglumatlary Dominik Torettonyň söýgülisi Lettiniň roluny ýerine ýetiriji aktrisa Mişel Rodriges tassyklady.

“Men maglumatlaryň filmiň muşdaklaryna nähili derejede çalt ýetýändigine geň galýaryn. Hakykatdan hem, ssenariýeleriň biri kosmosa syýahaty göz öňünde tutýar, ýöne meniň ähli jikme-jikligi açyk aýtmaga hakym ýok” – diýip, aktrisa belleýär.

Franşizanyň täze bölüminde söýgüli gahrymanlar Jeýson Steýtem bilen Skala (Gaýa) lakamy bilen belli bolan Dueýn Jonsonyň bolmajakdygy anyk belli. Sýužetiň esasy Dominik Toretto bilen doganynyň arasyndaky gapma-garşylyk bolar.
Ýatlap geçsek, filmiň dokuzynjy bölüminiň premýerasy 2020-nji ýylda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli filmiň surata düşürilmegi yza süýşürildi. Indi «Forsaž 9-yň» resmi çykjak senesi 2021-nji ýylyň 1-nji apreline bellenilen.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......