Ýewropanyň deputatlary Trampy parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürleýärler

  • 12.09.2020 23:07
  • 11k+

Şwesiýanyň parlamentiniň wekili Magnus Ýakobsson ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy Serbiýanyň hem-de Kosowanyň arasynda parahatçylygy dikeltmekde bitiren hyzmatlary üçin parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürledi. Bu barada Interfaks habar berýär.

Hödürnamada Trampyň adynyň gapdalynda parahatçylyga ýetmekde we ykdysady ösüşi gazanmakda bilelikde iş alyp barandyklary üçin Serbiýanyň we Kosowanyň hökümetleri hem bar. Bu barada Ýakobsson öz Twitter sahypasynda şeýle diýýär:

«Amerikanyň ýolbaşçylaryny, Serbiýanyň we Kosowanyň hökümetlerini parahatçylygyň we ykdysady ösüşiň hatyrasyna bilelikde bitiren işleri üçin Nobel baýragyna hödürlemegi teklip etdim».

Ýeri gelende bellesek, geçen hepde Waşingtonyň töwellaçylyk etmeginde Belgrad we Priştina ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada ylalaşdylar.
Mundan öň, şu hepdäniň başynda Tramp bu baýraga Norwegiýanyň bir deputaty tarapyndan hödürlenipdi. Norwegiýanyň parlamentiniň agzasy Kristian Tibring-Gedde Nobel komitetine hat iberip, onda uzaga çeken dawalary çözmekde, hususan-da Ysraýyl bilen BAE-niň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakda Trampyň goşandyny bellemegiň zerurdygyny aýtdy.

düýn 22:09
708

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
550

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
4k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 10:26
558

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......