Çaganyň irki ösüşinde sazyň ähmiýetini bilýärsiňizmi?

  • 13.09.2020 16:22
  • 9.3k+

Aýdym aýtmak, saz diňlemek hem-de depginli oýunlar çagany terbiýelemekde möhüm serişdeleriň biridir. Sazyň kömegi bilen çaganyň özüni alyp barşyna täsir etmegiň usullary barada rus saz terapewti Anastasiýa Beltýukowa gürrüň berdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Aýdym-saz bejergisi – bu adamyň hal-ýagdaýyna täsir etmegiň kliniki taýdan subut edilen usuly. Ol agyr keselli adamlaryň myşsalaryndaky dartgynlygy aýyrmaga, asuda dem almaga, aladany azaltmaga kömek edýär diýip, hünärmen belleýär.
Hatda kemis çagalara hem aýdym-saz bejergisi oňyn täsir edýär.
Hassahanalarda aýdym-saz terapewtiniň işleşýän çagalary beýleki çagalara garanda ir sagalýar.
Hünärmenler muny çagada eşidiş ukybynyň heniz dogulmanka kemala gelýändigi bilen düşündirýärler. Bu göwräniň içindäki durmuşda-da çaga hemra bolýan esasy duýgudyr. Hut şonuň üçin sesler biziň aňasty aňymyza aralaşmaga ukyply bolýarlar.
Saz bejergisinde ulanylýan tejribeleriniň biri hem — sözsüz aýdyma hiňlenmekdir. Çaga öz duýgularyny hemişe söz bilen beýan edip bilmeýär, ýöne kähalatlar ony köşeşdirmek we duýgularyndan baş çykarmaga kömek etmek üçin, mahal-mahal onuň ýanynda oturyp, saza hiňlenmek ýeterlikdir.
Çaganyň gündelik durmuşyna ýörite säher ýa-da hüwdi aýdymlaryny, täze ýyl, bahar, tomus we ş.m. aýdymlary girizmek arkaly sazyň kömegi bilen çaganyň durmuş döwürlerini aýratynlandyrmak bolýar.
Şeýle-de, beden bilen bagly depginli oýunlar hem möhüm ähmiýete eýedir. Sazyň, goşgynyň ýa-da sanawajyň depginine sazlaşyp el çarpmak, ýokary bökmek, çaýkanmak dartgynlylygy gowşatmaga kömek edýär, endorfinleriň (bagt gormonlary) derejesini ýokarlandyrýar, öz-özüňi düzgüne salmaga ýardam edýär.
Gadymy Hytaýda saz owazynyň bejerijilik ukybyna örän çynlakaý garapdyrlar, şonuň üçin hem ol ýerde pentatonikany ýygy-ýygydan peýdalanypdyrlar. Pentatonika — sesleriniň arasynda bitertipligiň we dartgynlylygyň bolmadyk aýratyn heňi.
Belläp geçsek, bu hili bejergä gadymy türkmen halk döredijiliginde hem ýykgyn edipdirler. Dutaryň owazynyň güýji bilen käbir kesellere garşy göreşilendigi hemmämize mälimdir.
Goşulmak hem-de yzyna gaýtarmak tejribesi güýçli psihoterapiýa täsirine eýedir. Meselem, çaga haýsydyr bir ses edýär, siz bolsa ony gaýtalaýarsyňyz. Ýene bir usul – dirižýor oýny, ýagny çaga sizi ugrukdyrýar ýa-da tersine.
Çaga bilen bile oturyp, erteki düzmek hem örän täsirlidir. Munda hökmany suratda çaganyň hem bu işe gatnaşmagyny gazanjak bolmaly.
Saz bejergisi üçin oňat ýaňlanýan we çaga dogry eşidiş maglumatyny berýän gurallary saýlamaly. Mysal üçin, jürlewükler, deprekler.
Saz gurallaryny çaga bilen bilelikde döretseň hem bolar. Düňderilen piti depregiň ýerini tutup biler.
Emma esasy guralyň adamyň sesidigini ýatdan çykarmaň, sebäbi çaganyň daşky dünýä bilen tanyşlygy heniz ol enäniň göwresindekä başlaýar.

27.01.2026 21:02
11k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
11k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...

18.01.2026 15:07
3.2k+

“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär...

12.01.2026 17:01
4.6k+

IT NOKADY merkezinde IT-okuwlarynyň täze tapgyr açyldy: okuwlar 28-nji ýanwarda başlaýar

«IT NOKADY» okuw merkezi ýurdumyzda iň köp isleg bildirilýän IT-ugurlary boýunça täze okuw tapgyryny yglan edýär. Okuwlara 28-nji ýanwarda başlamak meýilleşdirilýär. Frontend programmirleme okuwlary Frontend programmirleme kursy döwrebap, ulanmaga amatly we wizual taýdan özüne çekiji web-interfeýsleri döretmegi öwretmäge gönükdirilendir...