Dünýäde bir günde koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň rekord derejesi hasaba alyndy

  • 07.09.2020 16:38
  • 24k+

6-njy sentýabrda dünýäde bir gije-gündiziň içinde koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň rekord derejä ýetendigi belli boldy, ýagny 304 626 adam keselledi. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetinde habar berdiler. Muny gazeta.spb.ru ýetirýär.

Ozalky rekord 2020-nji ýylyň awgust aýynyň ortalarynda goýlupdy, şonda 304 351 adam keselledi. Häzirki wagtda dünýäde 26 milliondan gowrak kesel ýagdaýy bellige alynýar. Kesellänleriň köpüsi ABŞ-da, ýagny ol ýerde 6 243 849 sany kesel ýagdaýy bellige alyndy. Ikinji orunda Braziliýa ýerleşýär, häzirki wagtda ol ýerde kesellänleriň sany 4 092 832 adama barabar. Üçlügi Hindistan jemleýär, bu ýurtda 4 023 179 adam keselledi.
Belläp geçsek, Hindistanda kesellileriň sanynyň rekord ösüşi bellige alynýar. Ýurt kesel görkezijisi boýunça Braziliýanyň yzyndan ýetip barýar, eger-de şeýle depgin dowam etse, onuň dünýäde ikinji orna çalt çykmagy hem ähtimal.
Ýöne ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlary boýunça, näsaglaryň üç milliondan gowragy sagaldy. Hindistanda näsaglaryň hemmesini gaýtadan barlagdan geçirenoklar. Eger-de adam keseli ýeňil ýagdaýda geçirse, onda ol ilkinji alamatlaryň ýüze çykanyndan 10 gün geçenden soň sagdyn hasaplanýar.
Russiýa dördünji orny eýelemegi dowam etdirýär. BSGG-de pandemiýanyň ikinji tolkunynyň görünýändigini, çünki käbir ýurtlarda keselleýänleriň sanynyň gaýtadan ösüşiniň bellige alynýandygyny bellediler.

25.06.2026 12:37
7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....