Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

  • 06.09.2020 23:12
  • 10k+

Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Dabara medeniýet we sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdyrlar.
Tanyşdyryş dabarasy başlanmazdan ozal, sergi guraldy, döwlet Baştutanymyzyň täze eseri onda esasy orun aldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýe bolan beýleki kitaplary, ylmy işleri, köp jiltli düýpli eserleri we Türkmenistan hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlary barada gürrüň berýän beýleki neşirler görkezildi.
Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, many-mazmuny babatynda bahasyna ýetip bolmajak “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän gymmatly halk döredijiligini we maddy däl gymmatlyklary yzygiderli ýagdaýda toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alyp barýan tagallalary we ylmy-çeperçilik işi juda ähmiýetlidir.
Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik,dost-doganlyk gatnaşyklaryň, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy, oňa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, serkerdeleriň, esgerleriň we harby talyplaryň, şeýle hem hormatly myhmanlaryň we beýlekileriň gatnaşmagynda milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly edebi-filosofiki kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

düýn 20:05
1.7k+

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...

düýn 19:32
2.4k+

"Maňa edil şu wagt ölmek bolanok": "Alaň" filminiň jemleýji böleginiň tizeri çykaryldy

Warner Bros. studiýasy Deni Wilnýowyň režissýorlyk eden “Alaň: üçünji bölüm” filminiň tizer treýlerini çykardy. 2 minut 29 sekuntlyk treýleriň ilkinji görkezilişi Los-Anjelesdäki AMC kinoteatrynda geçirildi. Treýleriň görkezilişine Deni Wilnýow, Zendeýa, Hawýer Bardem we taslama goşulan täze aktýorlar Anýa Teýlor-Joý bilen Robert Pattinson dagy gatnaşdy...

düýn 16:49
4.5k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

düýn 16:48
5.4k+

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy. 60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi...