Aşgabatda käbir awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler

  • 04.09.2020 16:12
  • 24k+

"Türkmenawtoulaglary" agentligi Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ilatyň awtobus gatnawyna, ýolagçylar üçin ýokary hilli we medeni hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabryndan 77-nji belgili "Awtokombinat — Teke Bazar" ugrunda, 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabryndan bolsa 15-nji belgili "Parahat — Gurtly" ugrunda üýtgeşmeleriň boljakdygyny habar berýär.

77-nji ugur boýunça awtobus Awtokombinatdan ugur alyp, A.Nyýazow şaýoly — B.Annanow köçesi — H.A.Ýasawy köçesi — A.Nyýazow şaýoly — A.Berdiýewa köçesi — Andalyp köçesi — Magtymguly şaýoly — A.Gowşudow köçesi — Teke bazary boýunça hereket eder. Yzyna bolsa Teke bazaryndan ugur alyp, A.Gowşudow köçesi — Magtymguly şaýoly — Andalyp köçesi — A.Berdiýewa köçesi — A.Nyýazow şaýoly — H.A.Ýasawy köçesi — B.Annanow köçesi — A.Nyýazow şaýoly boýunça hereket edip, "Awtokombinat" ugradyş merkezine geler.

15-nji ugur boýunça awtobus "Parahat" ugradyş merkezinden ugur alyp, A. Garlyýew köçesi — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — B.Annanow köçesi — Ý.Emre köçesi — S.Türkmenbaşy şaýoly — Oguzhan köçesi — Bitarap Türkmenistan şaýoly — Galkynyş köçesi — A.Nowaýy köçesi — Magtymguly şaýoly — Tähran köçesi — Görogly köçesi — Taslama köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — Ruhabat köçesi boýunça hereket edip, "Gurtly" ugradyş nokadyna geler. Yzyna bolsa "Gurtly" ugradyş nokadyndan ugur alyp, Ruhabat köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — Taslama köçesi — Görogly köçesi — Tähran köçesi — Magtymguly şaýoly — A.Nyýazow şaýoly — Görogly köçesi — A.Nowaýy köçesi — Galkynyş köçesi — Bitarap Türkmenistan şaýoly — Oguzhan köçesi — Atatürk köçesi — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — S.Türkmenbaşy şaýoly — Ý.Emre köçesi — B.Annanow köçesi — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — A.Garlyýew köçesi boýunça hereket edip, "Parahat" ugradyş merkezine geler.
Habarlaşmak üçin telefonlary:
+99312286030;
+99312285813.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....