Alymlar COVID-da klapanly örtükleriň näderejede netijeliligine baha berdiler

  • 04.09.2020 15:12
  • 14k+

Amerikan fizikleri klapanly örtükleri ýa-da ýüz üçin gorag ekranlary adaty respiratorlardan ýa-da hirurgiýa örtüklerinden tapawutlylykda, koronawirus ýaýrawynyň öňüni almaýar diýen netijä geldiler. Bu barada Ren TW salgylanmak bilen Trend habar berýär.

“Biziň tejribämiz gorag ekranlarynyň dem arkaly çykarylýan damja we aerozol akymlarynyň öňe gitmegine päsgel berýändigini görkezdi, ýöne olar hiç hili päsgelçiliksiz wizoryň çägi bilen hereket edip bilýär eken” – diýip, Boka-Ratonda Floridanyň Atlantik uniwersitetiniň professory Manhara Dhanaka habar berýär.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, wagtyň geçmegi bilen wirusyň bölejikleri daşky gurşaw boýunça ýaýraýar. Tejribe ýüz üçin ekranlary we klapanly örtükleri daş-töwerekdäkileri koronawirusdan we beýleki respirator ýokançlaryndan goramak üçin ulanmaly däldigini görkezdi.
COVID epidemiýasynyň başynda BSGG-niň hünärmenleri adaty hirurgiýa örtükleriniň ulanylmagyna şübhe bilen garadylar. Lukmanlar wirus, esasan, aerozol damjalary arkaly ýaýraýar diýip hasapladylar.
Soňrak ýönekeý hirurgiýa örtükleriniň COVID-iň ýaýramagyny ep-esli gowşadyp bilýändigi anyklanyldy.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....