Aşgabatda sport ulgamynyň täze desgalary açyldy

  • 02.09.2020 17:38
  • 8.5k+

Düýn, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmen olimpiýaçylaryny we ýokary hünärli tälimçiler düzümini taýýarlamak üçin ygtybarly binýada öwrüljek iki gatly köpugurly sport toplumynda bilýard we küşt üçin niýetlenen zallar, mugallymlar üçin niýetlenen otaglar hem-de bedeni owkalaýyş otaglary, lukmançylyk bölümi hem-de beýleki otaglar ýerleşýär.
Binanyň birinji gatynda ýerleşen türgenleşik meýdançalarynyň ählisi 100 adama niýetlenendir, ikinji gatda bolsa bir wagtyň özünde 50-den gowrak talyp meşgullanyp biler.
Gurbanguly Berdimuhamedow sport toplumynyň binasyndan çykyp, ýanaşyk ýeriň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Şol ýerde bäş gatly 450 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy, dynç alyş zolagy, awtoduralga, welosiped we ylgaw ýodajyklary döredildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň tehnologik üpjünçiligi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda bu ýerde talyplaryň 508-si okaýar we türgenleşýär.
Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasynyň birinji gatynda 300 orunlyk mejlisler zaly, 2 — 7-nji gatlarynda edaranyň işgärleri üçin otaglar ýerleşýär. 8-9-njy gatlarda sport täzeliklerini we habarlary ýazmak hem-de ýaýlyma goýbermek üçin niýetlenen studiýalar we tehniki otaglar bar.

düýn 22:55
962

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
7.3k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
2.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....