«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlaryny ýatyrmagynyň möhletini 30-njy sentýabra çenli uzaltdy

  • 29.08.2020 23:55
  • 39k+

«Türkmenhowaýollarynyň» rus wekilliginiň habar bermegine görä, COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen halkara gatnawlarynyň ählisiniň ýatyrylmagynyň möhleti 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabryna (30-njy sentýabr hem degişli) çenli uzaldyldy.

Awiakompaniýa ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylaryna petekleriniň puluny gaýtaryp almak üçin, ony alan ýerine arza bermegi ýa-da gatnawlaryň açylanyna garaşyp, petekleri gaýtadan bronlamagy teklip edýär.

şu gün 10:08
90

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.4k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......