Dünýäniň awtoöndürijileri pandemiýa sebäpli $250 mlrd girdejini ýitirdiler

  • 30.08.2020 12:16
  • 18k+

Dünýäniň awtoöndürijileri önümçiligiň saklanmagyna we islegiň ep-esli pese gaçmagyna getiren koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda şu ýylyň birinji ýarymynda $250 mlrd töweregi möçberde girdejini ýitirdiler. Bu “Dow Jones” neşiriniň seljeren kompaniýanyň hasabatyndan gelip çykýar. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Pandemiýanyň netijesinde tutuş dünýä boýunça awtoöndürijiler soňky wagtlarda iň düýpli çökgünlik bilen çaknyşdylar. Käbirleriniň ikinji ýarymýyllykda ýagdaýyň gowulaşmagyna garaşýandyklaryna garamazdan, pandemiýa pudagyň eýýäm çaknyşan, ýagny gowşak islegden we täze tehnologiýalara çykdajylaryň ýokarlanmagyndan başlap, beýleki meseleleriniň üstüni ýetirdi.
Toyota Motor Corp. we Volkswagen AG – satuwyň göwrümi boýunça dünýäniň iki sany uly awtoöndürijisi – girdeji nukdaýnazaryndan birinji ýarymýyllygyň içinde ep-esli ýitgä sezewar boldular. Olar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi $69,61 milliardy ýitirdiler, şonda 19 sany dünýä awtoöndürijileriniň umumy ýitgisi, “Dow Jones” neşiriniň hasaplamagyna görä, $246,20 milliarda barabar boldy.
Adybir belgi we Audi hem-de Porsche ýaly brendler bilen awtomobilleri öndürýän Volkswagen-iň girdejisi alty aýyň içinde geçen ýylyň degişli döwründäkä garanda $34,17 mlrd az boldy.

“2020-nji ýylyň birinji ýarymy COVID-19 pandemiýasy sebäpli biziň kompaniýamyzyň taryhynda iň kyn döwürleriň biri boldy” – diýip, kompaniýa iýulyň ahyrynda ikinji çärýek üçin netijeleri neşir edende, onuň maliýe müdiri Frank Witter belledi.

Renault SA fransuz kompaniýasy girdejisiniň $11,35 milliardyny ýitirdi we birinji ýarymýyllygyň içinde $8,63 mlrd rekord möçberinde arassa ýitgisi barada hasabat berdi.

“Biz kyn, çylşyrymly ýagdaýda. Biziň hemmämiz şeýle ýagdaýa düşdük. Ýöne Renault durnuksyz ýagdaýda bolmak bilen, COVID-dan hem zyýan çekdi, şol sebäpli bu biziň üçin has hem agyr” – diýip, kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri Lýuka de Meo aýtdy.

Amerikan awtoöndürijileri hem pandemiýa bilen bagly zyýan çekdiler. Ford Motor, General Motors we Fiat Chrysler Automobiles NV kompaniýalary birinji ýarymýyllygyň içinde, umumylykda, $69,29 milliard ýitirdiler, esasy ýitgi hem Ford kompaniýasynyň paýyna düşdi.
Ýöne hemme kompaniýa şeýle kyn ýagdaýa sezewar bolmady. Ýagny, Tesla kompaniýasynyň söwdasy ikinji çärýekde pese gaçdy, ýöne ýylyň birinji üç aýynyň içinde girdejiniň ösüşi onuň öwezini dolmaga kömek etdi. Şeýlelik bilen, elektrokarlary öndüriji birinji ýarymýyllyk üçin girdejisini $1 milliarddan hem gowrak ýokarlandyrdy.

düýn 23:38
848

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

düýn 23:29
948

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

düýn 16:35
3.9k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......

düýn 11:37
2.1k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....