Türkmenistanda otly gatnawlarynyň togtadylmagy 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy

  • 28.08.2020 18:48
  • 39k+

«Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda otly gatnawlarynyň togtadylmagy 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy.

Hususan-da, habarda şeýle bellenilýär:

«Hormatly ýolagçylar!
Oktýabr aýynyň 1-ine çenli otly gatnawlarynyň duruzylandygyny habar berýäris».

Öň, TmCars – Habarlaryň habar berşi ýaly,«Türkmendemirýollary» saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgünini girizdi. Ýagny, Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustyndan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüni girizildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan 72 sagat möhlet bilen berlen saglyk kepilnamasy esasynda gatnawlar amala aşyrylýar.

Ýolagçylar «Türkmendemirýollary» agentliginiň operatorlary bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler: +99312383273 / 75 / 76 / 79.

düýn 23:10
1.5k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
7.9k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

11.05.2026 11:37
4.6k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
9.1k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......