Hünärmen haýsy smartfon ekranlarynyň adama zyýanlydygyny aýtdy

  • 27.08.2020 18:51
  • 22k+

Häzirki zaman smartfonlarynyň köpüsinde OLED ekranlary ulanylýar. Köp barlaglaryň netijelerine görä, ýagtylygy sazlamak aýratynlygy sebäpli, OLED ekranlary ulanylanda, takmynan, 10% adamda kellagyry başlaýar, ýadawlyk, gözleriň guramasy ýüze çykyp başlaýar diýip, «Цифровой гражданин» platformasynyň hünärmeni Wladimir Gritsenko «Praým» agentligine gürrüň berdi.

«Aslynda, OLED ekranlardaky ýagtylyk elmydama 100% bolýar. Ulanyjy ony peseldende (bu köplenç impuls giňligini modulirlemek arkaly amala aşyrylýar), ekranyň ýagtylygynyň haýsy hem bolsa bir derejesine laýyk gelýän belli bir ýygylykda ekran titremäge başlaýar. Ýagtylyk näçe pes bolsa - ekranyň pulsirlemesi şonça-da aýdyň bolýar we gözler hem şonça köp ýadap biler. Ekranyň titremesi adamyň gözüne görünmeýär, ýöne ony başga bir smartfonyň kamerasyndan görmek mümkin» diýip, bilermen düşündirýär.

Gözleriňiziň OLED ekranyndan ýadandygyny duýan ýagdaýyňyzda, ony iň ýokary derejä ýakyn ýagtylykda ulanyp görüp bilersiňiz — titreme az bolar, ýöne beýle ýagtylyk otagyň içi üçin aşa ýokary bolup biler.

düýn 15:08
3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

düýn 13:52
2.9k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
3.8k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....