Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy 28-nji awgustda özüniň birinji işini görkezer

  • 27.08.2020 12:32
  • 11k+

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Twitter sahypasynda 28-nji awgustda sagat 15:00-da çäräniň gurnaljakdygyny we onuň dowamynda “ýöremek, gürlemek we eşitmek” ukybyny ýitirenlere kömek etmäge gönükdirilen beýni-kompýuter nusgasynyň täze interfeýsiniň anons ediljekdigini habar berdi. Muny inc-news.ru ýetirýär.

Hünärmenler Mask hyýaldaky arzuwlary eýýäm startapa goýdy diýip aýdýarlar. Mysal getirsek, çen bilen ýarym ýyl mundan öň Mask ýokary hyzmat ediş mümkinçiliginiň we ýokary derejede anyk neýron interfeýsleriniň täsirine kembaha garalýandygyny we Neuralink kompaniýasynyň muny şu ýylyň içinde adamda kämilleşdirmäge kömek etjekdigini aýtdy. 
Dürli çeşmeler Maskyň we onuň kompaniýasynyň adamda tejribe geçirmäge taýýarlanýandyklaryny habar berýärler. Munuň tassyklanylmagy hem mümkin, sebäbi kompaniýany esaslandyryjy janly görkezme barada mälim etdi. Ýakynda bolsa ol startapyň işiniň maksadynyň emeli intellekt bilen simbioza ýetmekde jemlenýändigini belledi. 
Esasy ideýa hem kompaniýanyň beýni-kompýuter interfeýsini (BCI), onuň hirurgiýa gurluşy üçin roboty we kompýuter bilen biziň beýnimiziň arasyndaky göni baglanyşygy ýeňilleşdirmek üçin ähli zerur komponentleri döredýändiginde jemlenýär. 
Göni onlaýn-gözkeziliş wagtynda adamyň beýnisini emeli intellekte birikdirmek bilen meşgullanýan Neuralink kompaniýasy “gizlin” tehnologiýanyň täze detallary barada gürrüň berer. 

şu gün 18:36
191

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

düýn 22:43
1.1k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 11:15
2.5k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

17.06.2026 08:18
1.4k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......