Apple özüniň birinji ýüzýän dükanyny Singapurda açar

  • 26.08.2020 07:44
  • 12k+

Apple COVID-19 pandemiýasynyň ownuk söwda we syýahatçylyk pudagyna täsirini ýetirmegini dowam etdirýändigine garamazdan, Singapurda özüniň üçünji dükanyny açmakçy bolýar. Bu barada novostivl.ru habar berýär.

Bildirişe laýyklykda, tehnika ägirt özüniň üçünji dükanynyň Marina Bay Sands (MBS) toplumynda “tiz wagtdan” açyljakdygyny tassyklady, muňa garamazdan, dükanyň açylyş senesi heniz görkezilmedi.
Täze dükan 2011-nji ýyldan 2016-njy ýyllar aralygynda Avalon mega-gijeki klubynyň eýelän MBS-niň ýanyndaky suwda duran gümmez görnüşli desgasynda ýerleşdiriler.

“Apple Marina Bay Sands tiz wagtdan suwda dünýäde birinji Apple dükanynyň açylyşy mynasybetli Singapura getiriler” – diýip, kompaniýanyň wekili aýtdy.

Apple Jewel dükany resmi taýdan geçen ýylyň iýulynda açyldy. Orçard-roudda Knightsbridge merkezindäki, ýagny Günorta-Gündogar Aziýada birinji Apple dükany 2017-nji ýylda açyldy.
Häzirki wagtda Singapurda diňe käbir dükanlar doly bolmagynda galýar, çünki söwda COVID-19 pandemiýasynyň netijesinden güýçli zyýan çekdi. Ownuk söwda iýunda geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende 27,8% pese gaçdy, iýunda Singapura geçen ýylyň degişli döwründäki tas 1,6 mln bilen deňeşdirilende bary-ýogy 2200 syýahatçy bardy.

düýn 21:05
6.2k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
8.9k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.3k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

11.05.2026 11:37
4.7k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....