Powetkin Uaýtdan üstün çykdy we WBC-de Fýuri bilen çempionlyk urşuna dalaşgär boldy

  • 24.08.2020 00:50
  • 12k+

Rus boksçysy Aleksandr Powetkin britaniýaly agyr agramly türgen Dillian Uaýty bäşinji raundda nokauta gidirdi. Göreş Angliýada Brentwud şäherinde geçirildi diýip, sportarena.com habar berýär.

Göreşiň başynda üstünlik Uaýtyň tarapyndady, ol göreş tamamlanmagyndan bir raund öň Powetkini nokdauna hem gidiripdi.
Ýöne Powetkin göreşi bir anyk apperkot bilen tamamlamagy başardy.
Netijede, 40 ýaşly rus türgeni WBC-niň wagtlaýyn çempion titulyny eýeledi, WBC Diamond guşagynyň eýesi, şeýle-de Bütindünýä boks geňeşiniň esasy titulynyň eýesi Taýson Fýuri bilen urşa dalaşgär boldy.
Bu ýeňliş 32 ýaşly Uaýt üçin professional karýerasynda ikinji boldy. Birinji gezek ol 2015-nji ýylda watandaşy Entoni Joşuadan ýeňildi.
Ýatlap geçsek, Powetkin-Uaýt göreşi maýda geçirilmelidi, ýöne ony geçirmeklik koronawirus pandemiýasy sebäpli soňa goýuldy.

düýn 22:55
1.2k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
7.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
2.9k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....