Türkmenistanyň medeniýet toplumynda düzümleýin özgertmeler geçiriler

  • 23.08.2020 09:49
  • 8.5k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Medeniýet ministrligini we onuň edaralaryny dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de düzümini üýtgetmek boýunça wise-premýer G.Müşşikowyň hödürlän tekliplerini makullady.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow döwlet Baştutanynyň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 13-nji martynda we 29-njy maýynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlislerinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, medeniýet toplumynyň ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini seljermegiň netijeleri barada hasabat berdi.
Geçirilen işleriň netijelerine laýyklykda, türkmen Liderine esasy maliýe-ykdysady görkezijileri gowulandyrmak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli önümçilik meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Medeniýet ministrligini we onuň edaralaryny dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de düzümini üýtgetmek boýunça teklipler hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň hödürlän tekliplerini makullap, Medeniýet ministrliginiň düzümine girýän edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, düzümleýin özgertmeleri geçirmegiň wajypdygyny belledi.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......