Hindistanda galan türkmenler ýörite uçar bilen ýurdumyza getirildi

  • 23.08.2020 11:00
  • 25k+

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýörite uçary geçen gije, 22-nji awgustda Hindistanda galan türkmen watandaşlarymyzy ýurdumyza getirdi. Uçar Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline geldi. Bu ýörite uçuş ýurduň pandemiýa zerarly ýapylan serhetleriň aňyrsynda galan raýatlarymyzy getirmek etmek üçin guraldy.

Ýörite uçar bilen ýurdumyza, esasan, lukmançylyk syýahatçylygy maksady bilen Hindistana giden adamlar getirildi. Olaryň arasynda Hindistanda okan talyplar hem bar. Lukmançylyk işgärleriniň wekilçilik etmeginde uçar bilen Türkmenistanyň dürli künjeklerinden bolan 133 adam Watanyna dolandy.
«Deli — Aşgabat» ýörite uçuşyna münülende, termometriýa we fiziki aralygy saklamak bilen bilelikde, sanitariýa we epidemiologik talaplaryň ählisi berjaý edildi. Ýolagçylar ýurda gaýdyp gelenlerinden soň, gelen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginde karantine alnar. Şondan soň, olar öýlerinde belli bir wagta çenli maşgala lukmanynyň garamagynda bolarlar.
Belläp geçsek, bu ýörite uçuş Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen, Türkmenistanyň birnäçe gullugy tarapyndan guraldy. Taýýarlyk işleri ýurduň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Delidäki ilçihanasy tarapyndan geçirildi.

«Biz her bir arzany öwrendik we watandaşlarymyzyň sag-aman öýlerine dolanmagy üçin ähli zerur şertleri döretmäge çalyşdyk» — diýip, Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi Şalar Geldinazarow aýtdy.

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.3k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......