«Halkbank» POS-terminallarynyň ýerini tutjak mobil programmany işe girizer

  • 22.08.2020 00:46
  • 16k+

«Halkbank» döwlet täjirçilik banky sanlylaşmagyny dowam edýär: ol özüniň müşderileri üçin töleg mümkinçiliklerini artdyrjak «Halkbank terminal» mobil programmasyny işe girizmäge taýýarlyk görýär.

Täze programma söwda we hyzmat kärhanalarynda tölegler geçirilýän POS-terminallarynyň ýerini tutar. Munuň üçin diňe bu programmany smartfonyňyza ýükläp almak, şeýle hem satyn alnan zatlaryň we hyzmatlaryň nagt däl töleglerini çalt we aňsat geçirmek üçin telefonyň ekranyna birnäçe gezek basmak ýeterlikdir.
Programma, müşderilere bolşy ýaly, satyjylar üçin hem amatlydyr, çünki olar munuň üçin ýörite enjam satyn almaly bolmazlar. Täze çözgüt, esasanam, kiçi kärhanalarda nagt däl tölegleriň ulanylyşynyň gerimini giňeltmäge ýardam eder.
«Halkbank terminal» programmasy arkaly, tas islendik smartfon hiç hili goşmaça enjamsyz hem POS-terminalyna öwrüler.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

25.05.2026 17:25
3.2k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
7.4k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
3.7k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.4k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......