Konstitusion topar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek baradaky kanunyň taslamasyny tassyklady

  • 20.08.2020 12:43
  • 21k+

Çarşenbe güni Aşgabatda Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisi wideomaslahat görnüşinde geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy ugry Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly boldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti – Konstitusion toparyň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Döwlet Baştutany giriş sözünde konstitusion özgertmeleriň häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryny döwrebaplaşdyrmaga – kanun çykaryjy döwlet edarasynyň iki palataly gurluşyny döretmäge gönükdirilendigini aýtdy: Halk Maslahaty we Mejlis.
Bu meseleleri çözmek babatda ýurduň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi. Raýatlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli häkimiýetleriň tekliplerini göz öňünde tutup, degişli Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy we metbugatda çap edildi.
Geňeşiň şu mejlisinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, Adalat ministri Begmyrat Muhammedow, Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa Konstitusion kanunynyň taslamasy boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berdiler.
Taslama laýyklykda, Esasy Kanundan bir madda aýrylýar, 3 sany täze madda goşulýar, şeýle hem 27 madda üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem bu işde halk tarapyndan uly goldaw berlendigi we täze iki palataly parlamente Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň palatalaryna bolsa – Halk Maslahaty we Mejlis diýip at bermek teklibiniň gelip gowşandygy habar berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion kanunynyň taslamasyny taýýarlamak işine gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi we umuman aýdylanda, bu işi tamamlanan hasaplap boljakdygyny aýtdy.
Indi bu kanunyň taslamasy bütin ýurt boýunça Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen bilelikde bu umumymilli foruma hödürlemek maksady bilen ýerlerde ara alnyp maslahatlaşylar. Makullanandan soň taslama Mejlisiň garamagyna iberiler.

düýn 23:46
352

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....

düýn 19:49
4.2k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

düýn 12:01
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

düýn 11:48
3k+

Eurostat ÝB ýurtlarynyň durmuş derejesiniň düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi

2025-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ÝB ýurtlarynyň arasynda ilat başyna düşýän girdeji we durmuş derejesi boýunça düýpli parhlanýar. Eurostat-yň barlagynda bahalaryň arasyndaky tapawutlar hem hasaba alyndy....