Rospotrebnadzor ýaramaz almalary tanamak boýunça maslahatlary berdi

  • 19.08.2020 20:11
  • 10k+

Rospotrebnadzor almalary dogry saýlamak we peýdalanmak barada maslahatlary berdi. Bu barada edaranyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen RIA Nowosti habar berýär.

Almada tegmil we ezilen ýerleri bolmaly däl, olar beýleki önümlerden aýry saklanylmalydyr.

“Birneme çüýrän almada immun ulgamyna, öýjükleriň gurluşyna we hromosomalara täsirini ýetirýän heň kömelegi — patulin arkaly döreýän mikotoksin ýygnanýar” – diýlip, habarnamada düşündirilýär.

Almalary ulanmazdan öň, gyzgyn suwuň astynda gowy ýuwmak gerek, sebäbi miwäniň ulag arkaly dowamly daşalmagynyň netijesinde zaýalanmazlygy we bitin saklanmagy üçin olara mum ýa-da çüýreme hadysasynyň öňüni almak üçin ýörite serişdeleri çalýarlar diýip, Rospotrebnadzorda gürrüň berdiler.
Almalaryň tomusky görnüşi ortaça 2-den 4 hepdä çenli saklanyp bilýär, güýzki we gyşky görnüşleri 7 aýdan bir ýyla çenli saklanyp bilýär diýip, metbugat gullugynda bellediler.

22.06.2026 14:18
7.2k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......