ÝUNKTAD Türkmenistana iri maýa goýumlary çekmegiň şertleri barada aýtdy

  • 17.08.2020 23:52
  • 10k+

Göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin Türkmenistanda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň, administratiw gözegçiliginiň we ykdysadyýetiň açyklygynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegini gazanmak gerek. Bu barada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahaty (ÝUNKTAD) Trend agentligine habar berdi.

«Döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek we hususylaşdyrmak hem göni daşary ýurt maýa goýujylary üçin uly mümkinçiligi döredip bilerdi. Mundan başga-da, adamyň kapitalyna maýa goýumlary hem ýokarlandyrmak gerek bolar» – diýip, ÝUNKTAD-nyň wekili aýtdy.

Daşary ýurt alyjylary üçin has gyzykly bolan türkmen önümleri barada aýdylanda, ol tebigy gazyň ýurduň möhüm eksport önümidigini belledi.

«Beýleki has özüne çekiji harytlara çig nebit, nebit-himiýa, dokma önümleri we pagta degişli. Azyk harytlarynyň eksportynyň hem mümkinçilikleri uly” – diýip, ÝUNKTAD-da habar berdiler.

Ýatlap geçsek, Türkmenistan maýa goýumlary çekmeklige gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan tarapyndan geçirilýän maýa goýum syýasaty täze iş orunlaryny döredýär we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

düýn 23:15
1.7k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

30.04.2026 16:01
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....