«Bawariýa» Çempionlar ligasynda ýeňiji bolsa, «Barselona» «Liwerpula» 5 million ýewro tölär

  • 17.08.2020 18:15
  • 17k+

Eger-de «Bawariýa» 2019/20 möwsüminiň Çempionlar ligasynda ýeňiji bolsa, «Barselona» «Liwerpula» mejbury ýagdaýda 5 million ýewro tölemeli bolar. Bu barada Goal neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Munuň sebäbi hukuklary katalon toparyna degişli bolan ýarymgoragçy Filippe Koutinýonyň bu nemes klubynda çykyş edýändigi bilen baglanyşykly. «Barselona» braziliýaly futbolçyny iňlis klubyndan 2018-nji ýylda ispan kluby üçin rekord baha bolan 145 million ýewro satyn alypdy.
Koutinýonyň «Liwerpuldan» «Barselona» geçirilmegi baradaky şertnama eger-de ol katalonlaryň oýunçysy bolup Çempionlar ligasynda ýeňiji bolsa, iňlisleriň 5 million ýewro almalydygy baradaky maddany hem öz içine alýar.

Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynda «Barselona» «Bawariýadan» 2:8 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Bu oýunda Koutinýo «Barselonanyň» derwezesine 2 gol geçirip, dubl etdi.

düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.5k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......