BSGG COVID bilen göreşiň bahasyny $100 mlrd diýip kesgitledi

  • 15.08.2020 17:38
  • 12k+

Dünýä bileleşigi pandemiýa bilen göreşde üstünlik gazanmaga mümkinçiligi ýokarlandyrmak üçin koronawirusa garşy sanjymyň uly möçberiniň taýýarlanylmagyna mätäçlik çekýär. Bu barada Ženewadaky brifingde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesus aýtdy. Muny ТASS habar berýär.

“Sanjymy taýýarlamak işi – bu uzak, kyn, töwekgelçilikli we gymmata durýan iş. Sanjymlaryň aglabasy häzir işiň başlangyç tapgyrynda ýerleşýär” – diýip, ol aýdýar. – Tutuş dünýä çözgüdi tapmakda mümkinçilikleri artdyrar ýaly dürli görnüşde köp sanly sanjyma mätäçlik çekýär”.

Baş müdiriň aýtmagyna görä, sanjymlar döredilen ýagdaýynda teklibiň üstünde islegiň ýokarlanmagyna garaşylýar.

“Sanjym bilen üpjün etmek babatda ýokary isleg we ýaryş “sanjym milletparazlygyna” getirýär we bahalaryň ep-esli ýokarlanmak howpuny döredýär” – diýip, ol planetanyň ilatyny sanjyma elýeterli etmek babatdaky meseläni çözmekde dünýä bileleşigini raýdaşlyga çagyrdy. Koronawirus bilen göreş üçin serişdeleri taýýarlamak işi $100 milliarddan az bolmadyk möçberde maýa goýumy talap edýär.

“Biziň hasabymyza görä, tutuş dünýä täze enjamlara, aýratynam, taýýarlanylýan sanjymlara azyndan 100 mlrd dollar sarp etmeli bolar” – diýip, Gebreýesus aýdýar.

Gebreýesus Halkara walýuta gaznasynyň hasabyna laýyklykda, “COVID-19 pandemiýasynyň global ykdysadyýete her aýda $365 milliarda düşjekdigini, global ykdysadyýetiň umumy ýitgisiniň bolsa iki ýylyň içinde $12 trilliondan geçjekdigini” hem ýatlap geçdi. BSGG-niň ýolbaşçysy sözüniň yzyny “Uly ýigrimiligiň” ýurtlarynyň pandemiýanyň täsiriniň öňüni almak üçin $10 trln ýygnandyklaryny aýtmak bilen dowam etdirdi. Tutuş dünýä gysga möhletli täsirler bilen göreşmek üçin eýýäm trillionlarça dollary sarp etdi. Bu global maliýe çökgünliginiň öňüni almak üçin sarp edilen çykdajydan üç ýarym esse köpdür diýip, Tedros Adanom Gebreýesus belledi.
Ol häzirki wagtda BSGG-e ýene-de 31,3 mlrd dollaryň gerekdigini sözüniň üstüne goşdy. Bu pul COVID-19-a garşy serişdeleri taýýarlamak işini çaltlandyrmaga, önümçilige we satyn almak işine sarp ediler.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......