Rus sanjymy koronawirusdan azyndan iki ýyllap goramaga ukyply

  • 14.08.2020 13:54
  • 17k+

Rus sanjymynyň koronawirusa garşy gorag aýratynlyklary kabul edileninden soň azyndan iki ýyllap dowam eder diýip, Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň akademik N.F. Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli gözleg merkeziniň başlygy Aleksandr Ginsburg aýdýar. Bu barada TASS habar berýär.

"Waksinanyň täsiriniň dowamlylygy, goraýjy aýratynlyklary gysga wagt, alty aý ýa-da bir ýyl däl, azyndan iki ýyl dowam eder" - diýip, ol "Rossiýa-1" teleýaýlymynda "60 minut" gepleşiginde aýtdy.

Ondan öň Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi N.F. Gamaleýa adyndaky merkeziň işläp taýýarlamasy bilen dahylly wektor sanjymlaryny ulanmak tejribesi immunitetiň 2 ýyla çenli dowam edýändigini görkezýär diýip belläpdi.
Şeýle hem Ginsburg koronawirusa garşy rus sanjymynyň tankyt edilmegini bäsdeşlik bilen baglanyşdyrdy.

"Pikir ediň, eger-de rus sanjymy sebäpli anyk adamlar, anyk bir kompaniýalar milliardlarça dollar ýitirse, nähili herekete garaşýardyňyz? Men muny bolaýmaly zat haspalaýaryn. Hiç kim her ampulanyň, her çüýşäniň onlarça ýyl öňünden paýlaşylan bu erkin bazarynda goşmaça ampulalar we çüýşeler peýda bolar, belki-de, olar ýokary ähtimallyk bilen, Günbatar Ýewropanyň we Amerikanyň bazarynda peýda boljaklara garanyňda has gowy sarp ediji häsiýete eýe bolar öýtmändi. Bu - anyk bir pul üçin aç-açan göreş"-diýip, merkeziň başlygy belledi.

Şeýle hem Ginsburg bu sanjymyň doly howpsuzdygyny we kanunyň ähli kadalaryna laýyklykda hasaba alnandygyny aýtdy. Ginsburgyň aýtmagyna görä, ruslaryň koronawirusa garşy sanjymy beýleki ýurtlaryňkydan tapawutlanýar.

"Soňky önümimiz sanawda görkezilen ýurtlarda döredilýän önümlerden iki komponentli sanjymy bilen tapawutlanýar".

Ginsburgyň pikiriçe, sanjymlary döretmek üçin şeýle tehnologiýalar, hususan-da, Angliýada bar.

"30-njy martda meniň bilen işläp düzüjiler topary, ýedi adam töweregi bolup, bu sanjymy kabul etdik. Birinji sanjym edildi, üç hepde soň bolsa, garaşylyşy ýaly, ikinji sanjym edildi. Görşüňiz ýaly, olar diri, sagdyn we hatda eýýäm bäş aýdan soň hem olarda immunitetiň öz güýjündedigi we hakykatdan hem ýokary derejeli antikorlara laýyk gelýändigi barlandy. Bu bolsa COVID-19-yň islendik dozasyna garşy doly netijeliligi kepillendirýär. Şeýle bolmasa, ol (wirus - Red.) sanjym edilen adamyň bedenine - biziň bedenimize düşer. Biz institutda özümiz örtüksiz gezmek ýaly erkin alyp baryp bilýäris"-diýip, Ginsburg belledi.

20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......