Russiýanyň «Sputnik V» sanjymy Braziliýada öndüriler

  • 14.08.2020 14:57
  • 20k+

«Sputnik V» halkara orbitasyna çykýar: Russiýa koronawirusa garşy sanjymy üçin daşary ýurt bazarlaryny açýar we ol Latyn Amerikasyndan başlaýar. Sanjymyň bilelikdäki önümçiligi we ýaýradylmagy barada ylalaşyk Göni maýa goýumyň fondy bilen Braziliýanyň bir ştatynyň arasynda baglaşyldy. Russiýa ähli zerur bolan maglumatlary hem-de tehnologiýalary elýeterli eder. Bu barda 1tv.ru habar berýär.

Kliniki synaglar Braziliýada bir aýyň içinde, önümçilik bolsa indiki ýylda başlar. Russiýanyň bu sanjymyna tutuş dünýä boýunça gyzyklanma bildirilýär. Argentinada hem hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirildi.
«Sputnik» sanjymy baradaky saýt babatda aýdylanda, oňa işe girizilen ilkinji gününden tas 200 ýurduň wekilleri girdiler. Esasan hem, sanjym almaga taýýar bolan adaty adamlar, şeýle-de bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýän kompaniýalar ýüz tutýarlar.

şu gün 14:04
4.1k+

Tähran rekord derejede gurakçylyk sebäpli ewakuasiýa edilmäge ýakyn

Tähran güýçli gurakçylyk sebäpli ewakuasiýa edilmäge ýakyn. Häkimiýet ýurtda ýagyş ýagdyrmak üçin bulutlary emeli ýagdaýda “ekip” başlady diýip, IRNA agentligi habar berýär. The Guardian neşiriniň maglumatlaryna...

şu gün 10:55
1k+

Alymlar: Kosmos zyňyndylary Ýeriň atmosferasyny metallar bilen çalt hapalaýar

Nemes alymlarynyň halkara barlaglarynyň netijelerine görä, Ýeriň atmosferasy kosmos galyndylary sebäpli metallar bilen barha köp hapalanýar. Orbital mega-toparlaryň döremegi we uçuşlaryň köpelmegi bu prosesi has-da güýçlendirýär...

düýn 23:07
5.2k+

Üç taýkonawt orbitada galdy: olaryň kapsulasyna kosmos zibili zeper ýetirdi

“Şençžou-21” missiýasynyň üç hytaýly astronawty Ýere gaýdyp gelmek üçin işläp duran kapsula bolmazdan “Týangun” kosmos stansiýasynda galdy we ol ýerde azyndan bir hepde eglener. Kosmos missiýasy garaşylmadyk ýagdaýa duçar boldy: ekipažyň aşak düşmek üçin işleýän enjamy ýok...

15.11.2025 14:55
6.2k+

2025-nji ýyl magnit tupanlarynyň sany boýunça rekorda golaýlaýar

2025-nji ýyl soňky onýyllykda güýçli magnit tupanlarynyň sany boýunça rekordly bolup biler. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär...