«Real» «Ýuwentusdan» Dibalany satyn almagy meýilleşdirýär

  • 12.08.2020 13:02
  • 6.4k+

Madridiň «Realynyň» ýolbaşçylary «Ýuwentusyň» argentinaly hüjümçisi Paolo Dibala bilen gyzyklanýarlar. Bu barada ctnews.ru habar berýär.

Sport Mediaset neşiriniň habaryna görä, ispan kluby oýunçyny tomusky transfer penjiresinde almagy meýilleşdirýär. Dibalanyň bahasyny arzanlatmak üçin «Realyň» ýolbaşçylary oýunçyny toparyň häzirki hüjümçilerinden biri Isko ýa-da Toni Kroos bilen çalyşmak kararyna geldiler. Maglumatlara görä, Dibalany satyn almak Şa klubynyň ýolbaşçylarynyň pikir edişi ýaly aňsat bolmaz. Sebäbi «Ýuwentusyň» futbolçyny satmak meýli ýok.
Dibala «Ýuwentusa» 2015-nji ýylda gelipdi. Ondan öň ol «Palermoda» çykyş edýärdi. Şol döwürde oýunçynyň transfer bahasy kyrk million ýewro bolupdy. Geçen möwsümde hüjümçi Seriýa A-da 33 duşuşyga gatnaşyp, 11 pökgi geçirdi hem-de 6 asist etdi.

Öň habar berşimiz ýaly, «Ýuwentusyň» öňki ýarymgoragçysy Andrea Pirlo topara baş tälimçi edilip bellendi. Şeýle hem «Ýuwentus» Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda çykyş etmek hukugyndan mahrum boldy.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......