Andrea Pirlo "Ýuwentusa" tälimçi hökmünde dolandy

  • 09.08.2020 11:54
  • 8.7k+

Italiýanyň "Ýuwentus" futbol klubynyň öňki ýarymgoragçysy Andrea Pirlo topara baş tälimçi edilip bellendi. Bu barada Interfaks agentligi habar berýär.

“Ýuwentusyň” metbugat gullugynyň habaryna görä, 41 ýaşly Pirlo klub bilen 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli iki ýyllyk möhlet bilen şertnama baglanyşdy.
“Ýuwentusyň” tälimçisi hökmünde Pirlo şenbe güni işden aýrylan 61 ýaşly Maurisio Sarriniň ornuny tutdy.
Andrea Pirlo 2011-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli "Ýuwentusda" çykyş edip, dört gezek Italiýanyň çempionatynda, iki gezek Italiýanyň Super kubogynda we bir gezek Italiýanyň kubogynda ýeňiji boldy.
"Ýuwentusdan" öň Pirlo 2001-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli "Milanda" çykyş edip, iki gezek Italiýanyň çempionatynda, UEFA Çempionlar ligasynda we iki gezek UEFA Super kubogynda ýeňiji boldy. Bulardan başga-da, Italiýanyň kubogynda, Italiýanyňnyň Super kubogynda we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda bir gezekden ýeňiji bolup gördi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
«Ýuwentus» tälimçisini wezipesinden boşatdy

düýn 13:33
4.7k+

Allanur Daýanjow ilkinji gezek tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny aldy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa  Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy...

düýn 11:23
4.2k+

Aziýanyň futbol konfederasiýasy Milletler ligasyny döretdi: milli ýygyndylar üçin täze ýaryş

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFC) Milletler ligasynyň – milli ýygyndylar üçin täze yzygiderli ýaryşyň döredilendigini yglan etdi. Bu barada 21-nji dekabrda Kuala-Lumpurda habar berildi. Ýaryş FIFA-nyň halkara penjiresinde geçiriler...

düýn 08:27
11k+

«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna çykdy. 1/8 finalda klubuň garşydaşy Ronaldu bilen «Al-Nasr» bolup biler

«Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna ýollama aldy. Ol B toparçada ikinji orny eýeledi. Altynjy tapgyryň aýgytly oýnunda Röwşen Muhadowyň topary Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubuny 1:0 hasabynda utdy...

24.12.2025 13:28
12k+

Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär

IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär...