Russiýanyň koronawirusa garşy sanjymy «Sputnik V» adyny aldy

  • 12.08.2020 12:26
  • 14k+

Russiýanyň koronawirusa garşy sanjymy 1957-nji ýylda uçurylan Ýeriň ilkinji emeli hemrasynyň hormatyna «Sputnik V» adyny aldy. Bu barada sanjymyň resmi saýtynda aýdylýar.

Saýtda sanjymyň adynyň ideýasy düşündirilýär. Onda «Sputnik-1» sowet hemrasynyň tutuş dünýäde kosmiki barlaglara gyzyklanma döredendigi bellenilýär. Rus sanjymy dünýä bileleşigi üçin «Hemranyň pursatyny» döretdi diýlip hasaplanylýar. Şu deňeşdirmäniň esasynda hem sanjym «Sputnik V» adyny aldy.
Mundan öň habar berşimiz ýaly, 11-nji awgustda RF-iň prezidenti Wladimir Putin hökümet maslahatynda Russiýada koronawirusa garşy dünýäde birinji sanjymyň bellige alnandygyny habar berdi. Wladimir Putin serişdäniň köpçülikleýin önümçiliginiň ýakyn wagtda başlajakdygyna umyt bildirdi we sanjym goýberme işleriniň meýletin esasda geçmelidigini belledi. Döwlet ýolbaşçysy özüniň bir gyzynyň koronawirusa garşy rus sanjymyny barlap görendigini hem gürrüň berdi.
Öň, RF-iň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Mihail Muraşko Gamalei adyndaky epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň barlag merkeziniň önümi bolan koronawirusa garşy sanjymyň ýokary täsirliligi we howpsuzlygy görkezendigini aýtdy. Serişdäni ilkinji bolup awgustyň ahyrynda lukmançylyk işgärleri we mugallymlar alar. Raýat dolanyşygynda sanjym 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda peýda bolar, bu serişdäniň synagynyň üçünji tapgyry bilen birwagtda bolup geçer.
Russiýada soňky günlerde ýurduň 85 sebitinde koronawirus bilen kesellemegiň 4945 sany täze ýagdaýy ýüze çykaryldy.

20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......