Türkiýe koronawirusa garşy sanjymlarynyň birini adamlarda synag edip başlaýar

  • 10.08.2020 15:33
  • 13k+

Türkiýede lukmanlar COVID-19-a garşy on sany serişdäni we sekiz sanjymy taýýarlamagyň üstünde işleýärler. Bu barada Anadolu Ajansi agentliginiň ýetirmegine görä, ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň senagat dolandyryş institutynyň ýanynda Kämilleşdiriş merkeziniň (TÜBİTAK) açylyş dabarasyndaky çykyşynda aýtdy.

“Koronawirusa garşy iki sanjym haýwanlarda synaglardan üstünlikli geçdi – diýip, döwlet ýolbaşçysy aýdýar. — Olaryň biriniň adamlardaky kliniki synaglaryna rugsat berildi”.

Onuň aýtmagyna görä, täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy hususy sanjymyny taýýarlaýan ýurtlaryň sanawynda Türkiýe üçünji orny eýeleýär.
Regnum agentliginiň habar bermegine görä, 8-nji awgustda Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja soňky gije-gündizde Türkiýede SARS-CoV-2 bilen kesellemegiň 1172 sany täze ýagdaýynyň ýüze çykandygyny habar berdi. Şeýle-de, Fahrettin Koja Ankaranyň sanjymy döretmek meselesi boýunça Moskwa we Pekin bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.
Belläp geçsek, RF-iň Saglygy goraýyş ministrligi Gamalei adyndaky merkeziň RF-iň Goranmak ministrligi bilen bilelikde taýýarlaýan sanjymynyň 12-nji awgustda bellige alynjakdygyny, onuň önümçiliginiň sentýabrda başlajakdygyny habar berdi.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....