Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçiligiň pidalary zerarly gynanç bildirdi

  • 09.08.2020 02:24
  • 33k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Rama Natha Kowinda we ýurduň Premýer-ministri Narendra Modä Kerala ştatynyň Kožikode şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
«Air India Express» awiakompaniýasynyň Boeing-737 uçary 7-nji awgustda Dubaýdan (BAE) Kožikode şäherine uçupdy. Awiagatnaw koronawirus pandemiýasy döwründe daşary ýurtlardan Hindistanyň raýatlaryny dolap getirmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýardy. Çylşyrymly howa şertleri zerarly uçar iki gezek gonmaga synanyşdy. Gonan wagty uçar uçuş-gonuş zolagynyň daşyna çykyp gitdi we iki bölege bölündi. NDTV-niň maglumatlaryna görä, uçarda 184 sany ýolagçy (şol sanda, 10 sany çaga), 2 sany uçarman we ýene-de dört sany ekipažyň agzasy bardy.
Soňky maglumatlara görä, heläkçilik netijesinde 18 adam, şol sanda 2 sany uçarman aradan çykdy. 149 adam hassahanada ýatyr, şolaryň 22-si agyr ýaralandy.

düýn 01:04
6.7k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
9.3k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....

20.04.2026 20:13
6.7k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......

18.04.2026 23:36
3.7k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......